Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ rus ilçihanasynyň wekilini “agressiw gatyşma” üçin çagyrdy


Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Moskwanyň sosial ulgamlary arkaly “gazaplylygy öjükdirmek” we Birleşen Ştatlaryň jemgyýetini bölmek boýunça alyp barýandygy aýdylýan tagallalary üçin, Russiýanyň Waşingtondaky wekilini çagyrdy.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Heather Nauert özüniň Twitter hasabynda: “Sekretaryň kömekçisi [Wess] Mitçel Russiýanyň ygtyýarly wekili [Dmitriý] Žirnowy Kremliň sosial ulgamlary arkaly ABŞ-da gazaplylygy we bölünişigi ornaşdyrmak synanyşyklary boýunça jogap bermäge çagyrdy. Biz beýle agressiw gatyşmany kabul etmeris” diýen ýazgy galdyrdy.

Mundan öň, ýagny 31-nji awgustda Facebook ABŞ-da noýabrda geçirilmeli Kongres saýlawlarynyň öňüsyrasy ýurduň syýasy durmuşyna täsir etmek tagallalarynyň edilýändigini mälim edipdi. Facebook bularyň Russiýa bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigini bellese-de, olary gönümel Moskwa bilen baglanyşdyryp bolmaýandygyny belläpdi.

Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy bu aýdylanlary ret etdi.

XS
SM
MD
LG