Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saakaşwili: Orsýet 2008-nji ýyldaky uruşda “nusgalyk” Gürjüstana hüjüm etdi


Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwili
Gürjüstanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwili

On ýyl mundan ozal Orsýetiň Tbilisi bilen arasyndaky bäş güne çeken urşuň esasy maksady “Gürjüstanyň döwlet gurluşyna” hüjüm etmekdi diýip, Gruziýanyň ozalky prezidenti Mihail Saakaşwili aýtdy. Ol öz ýurdunda amala aşyrylan reformalaryň regiondaky beýleki döwletlere “nusgalyk” bolandygyny, bu ýagdaýyň bolsa Orsýetiň göwnünden turmandygyny öňe sürdi.

Saakaşwili 2008-nji ýylyň awgustynda bolup geçen urşuň 10-njy ýyl dönüminiň öňüsyrasynda Current Time TV-de çykyş etdi. Uruşda rus goşunlary Gruziýanyň territoriýasyna girip, ÝB-niň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilen parahatçylyk ylalaşygynyň öň ýany yza çekilipdi.

Uruş gutarandan soň, Orsýet Gürjüstandan bölünip aýrylan Günorta Osetiýa we Abhaziýa regionlarynda müňlerçe harby ornaşdyrdy. Ol bu iki regionyň ikisini-de garaşsyz diýip ykrar etdi. Tbilisi bilen Moskwa ýerli ýerden urşy başlatmakda birek-biregi aýyplaýar.

“Orsýetiň basybalyjylygynyň aňyrsynda ýatan baş maksat diňe bir döwlet hökmünde Gürjüstana hüjüm etmek ýokdy, eýsem, ol Gürjüstanyň döwlet gurluşyna hüjüm etmegi maksat edindi. Sebäbi Gürjüstanyň döwlet gurluşynda amala aşyrylýan reformalar Orsýete bökdençlik döredýärdi” diýip, Saakaşwili Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen “Amerikanyň sesi” (VOA) kanalynyň bilelikde howandarlyk edýän rus dilindäki Current Time TV kanalynda çykyş etdi. Ol özüniň nireden aragatnaşyga geçýändigini mälim etmezden 27-nji iýulda Skype arkaly habarlaşdy.

2003-nji ýylda Gürjüstanda bolan Bägül rewolýusiýasynyň yzýany hökümet başyna geçip, dürli reformalar bilen ýurdy ymykly Günbatarçy ýola ataran Saakaşwili öz ýurdunyň “nusgalyk” derejä baryp ýetendigini, şol sebäpden Orsýetiň oňa hüjüm edendigini aýtdy.

“Gynansak-da bu üstünlikler Kremliň hojaýynynda bahylçylyk duýgularyny döredip, ony ynjalykdan gaçyrdy” diýen Saakaşwiliniň “Kremliň hojaýyny” diýmek bilen Wladimir Putini göz öňünde tutandyr diýip çak edilýär. Uruş döwründe Putin Orsýetiň premýer-ministri, ýurduň häzirki premýer-ministri Dmitri Medwedow bolsa şol wagtlar prezidentdi.

Uruşdan öň orsýetli resmiler Gruziýanyň Saakaşwiliniň ýolbaşçylygynda NATO guramasyna agza bolmak üçin edýän tagallalaryna düýbünden garşy çykyp çykyş etdiler. Moskwanyň dürli meseleler sebäpli, şol sanda onuň Abhaziýa we Günorta Osetiýanyň Gürjüstandan bölünip aýrylmagyny goldamagy bilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşypdy.

Orsýet “Günorta Osetiýanyň esasy şäheri bolan Tskhinwali şäherine hüjüm etmek bilen, Gruziýa urşuň başyny başlady” diýen pikiri öňe sürýär. Söhbetdeşligiň dowamynda Saakaşwili urşuň başyny Orsýetiň başlandygyny gaýtalap: “Diňe arassa kemakyllar we arassa paňkelleler urşy Gruziýanyň turuzandygyny aýdyp biler” diýdi.

50 ýaşly Saakaşwili 2004—2013-nji ýyllar aralygynda Gruziýa baştutanlyk etdi. 2012-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda Saakaşwiliniň partiýasy Gürjüstanyň oppozisiýaçylaryndan düzülen “Arzuw” partiýalar bileleşiginden ýeňildi.

Iri reformalary durmuşa geçiren Saakaşwili özüniň ýurda baştutanlyk eden döwrüniň soňky ýyllarynda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar. 2006-njy ýylda gozgalan jana kast edişlik boýunça iş bilen baglylykda “wezipesinden hyýanatçylykly peýdalandy” diýlip höküm çykarylansoň, Saakaşwili häzirki wagtda Gruziýada gözlenýänleriň hataryndadyr. Ol gaýybana geçirilen sud diňlenişiginde 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Saakaşwili özüniň prezidentlik möhleti tamamlanandan soň, syýasy karýerasyna Ukrainada dowam etdi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 2015-nji ýylda Saakaşwilini Ukraina getirip, ony Odesa regionynyň häkimi wezipesine belledi. Ýöne korrupsiýa bilen bagly öňe sürülýän gürrüňler, hem-de ýurtda reformalary amala aşyrmak boýunça Saakaşwiliniň eden çagyryşlary sebäpli iki dostuň arasyna tow düşdi. Ol 2017-nji ýylyň iýul aýynda ukrain raýatlygyndan mahrum edildi. Saakaşwili häzirki wagtda daşary ýurtda ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG