Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň birinji tapgyry güýje girdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň Eýrana garşy gaýtadan girizen sanksiýalarynyň birinji tapgyry 7-nji awgustda güýje girdi. Şol bir wagtda-da, Waşington we Tähran uzaga çekýän çäreler boýunça biri-birine duýduryş bermegini dowam etdirýärler.

Güýje giren sanksiýalar ABŞ-nyň dollarynyň Eýran üçin elýeterli bolmazlygyna, şeýle-de Eýranyň awtoulag, uçar we haly önümçiligi ýaly esasy senagat ugurlary boýunça söwdanyň çäklendirilmegine gönükdirilýär.

Waşington Eýranyň sanksiýalardan eýýäm ykdysady zyýan çekip başlandygyny, Trampyň Tähran bilen 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykmak kararyny aprel aýynda yglan edeli bäri, Eýranyň milli puly rialyň öz hümmetiniň tas ýarysyny ýitirendigini aýdýar.

Ylalaşygy "aýylganç we eýranyň ýadro bombasyna eýe bolmagynyň ähli ýollaryny böwetlemek maksadyna ýetip bilmedik bir taraplaýyn şertnama" diýip atlandyran Tramp Tähranyň liderleri bilen göni gepleşiklerde özüniň göz öňünde tutýan has gowy ylalaşygy maslahat etmegi teklip etdi.

Emma onuň teklipleri Eýranyň prezidenti Hassan Rohani tarapyndan dessine ret edildi.

XS
SM
MD
LG