Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Garabatyr” Golliwud filmlerini nähili özgertdi?


Režissýor Kristofer Nolan
Režissýor Kristofer Nolan

Režissýor Kristofer Nolanyň komiks kitaby esasynda surata düşürilen we mundan on ýyl owal tomaşaçylara hödürlenen “Garabatyr” (The Dark Knight) atly kinofilmiň baş gahrymany tutuş kinolaryň žanryna öz täsirini ýetirdi.

“X-Adamlar” (X-Men) we "Möý-Adam” (Spider-Man) ýaly filmleriň şowly bolmagyndan birnäçe ýyl soň, Golliwud suratly, ýagny komiks kitaplarynyň esasynda surata düşürilýän kinolaryň diýseň köpelendigine göz ýetirdi.

“Halk” (Hulk) we "Supermen dolandy” (Superman Returns) ýaly käbir filmler tomaşaçylaryň diýseň göwnünden turdy we gülkünç ýaly görünýän gürrüňler şowhunly ýagdaýda sahna çykarylanda, halkdan uly alkyş aldy. Ýöne “Garadan gaýtmaz” (Daredevil), “Ajaýyp dörtler“ (Fantastic Four), “Hyýaly ýaryşçy“ (Ghost Rider) we “Pişik zenan” (Catwoman) ýaly käbir filmler bolsa, tomaşaçylaryň göwnünden turmady. 2008-nji ýylyň iň gowy eseri bolsa, Stiwen Spilbergiň köp wagtdan bäri garaşylýan dördünji “Indiana Jons” filmi, “Çüýşe kelleçanaklaryň şalygy” (Kingdom of the Crystal Skull) atly kinolar bolmalydy.

Ýöne garaşylanyň tersine şol ýylyň iň şowly beýik gahrymanly iki kinosy “Polat adam” (Iron Man) we “Garabatyr” (The Dark Knight) boldy.

Bu filmleriň her biri bu žanryň geljegi bilen baglanşykly düýpgöter tapawutly ýorgutlara sebäp boldy. Kristofer Nolanyň “Garabatyr” filmi aslynda gazanan girdejisinden has köp peýda getirdi. Bu film suratly, ýagny komiks kitaplar esasynda surata düşürilen kinolaryň edil bolşy ýaly çynlakaý žanr ýaly kabul edilmegini hakykata öwürdi. Üstesine-de, döredijilik toparynyň biznes strategiýasyny üýtgetdi. Tankytçylar hem “Garabatyr” ýaly bir kinofilmiň gaýtadan surata düşürilip bilinmejegini öňe sürýärler.

“Betmen” çeşmesi filmiň esasy üçin şowly hasaplanmaýan hem bolsa, Nolan ol çeşmeden peýdalanmak hukugyna eýe bolupdyr. “Warner Brothers” kinostudiýasy 1997-nji ýylda surata düşüren “Betmen we Robin” (Batman&Robin) atly filmi maliýe taýdan şowsuzlyga uçrandan soň, onuň açaryny "Memento“ we "Insomniýa“ ýaly täzeçil eserler bilen abraýa eýe bolan Nolana tabşyrypdyr. Ol bolsa, 2005-nji ýylda surata düşüren “Betmeniň başlangyjy” (Batman Begins) filmi bilen hemmelerde uly gyzyklanma döredip, ondan ummasyz girdeji gazanmagy başarypdy. Ýöne şonda-da ol filmiň girdejisi “Garabatyr” kinosynyňky ýaly bolmandyr. “Garabatyr” filminiň tutuş dünýä boýunça girdejisi onuň üç essesinden hem köp bolupdyr. Kinofilm köpçüligiň göwnünden turansoň, Oskar baýragyna mynasyp görkezilmegi hem jemgyýetde uly seslenme döredipdir.

Kinofilmiň şowlulygy

“Betmen we Robin” filminiň şowsuzlygy, kinofilm şereketlerini geljekdäki kinolaryň surata düşürilmegine hem gatnaşjak tanymal režissýorlara salgylanylmagyna sebäp bolupdyr. Şeýlelik-de, “Möý adam” (Spider-Man) filminiň režisýory Sem Reými we "X-Man“-iň režisýory Braýan Singer bolupdyr. “Garabatyr” bolsa Nolana tabşyrylypdyr. Bu filmiň kömegi bilen, o diýen kän abraýly hem şöhratly hasaplanmaýan žanr her bir kino şereketiniň rowaçlyk strategiýasynyň esasy ugruna öwrülipdir.

Kinofilmde Nolan, Betmen (Kristian Beýl) we Jokeri (Hit Leker) galtamanlar bilen polisiýa dünýäsiniň gapma-garşylykly wekillerine öwürip, şol esasy gahrymanlaryň üsti bilen barha jetleşigiň möwjeýän jemgyýetini ýaňsa alypdyr.

Nolan bu kinofilmde Jokeri bulagaýlygyň nyşanasy, baran her ýerinde durmuşy bulaşdyrmaga synanyşýan güýç ýaly görkezýär. Joker şonda-da Betmene hormat goýýar. “Käbir adamlar diňe dünýäniň ýanyp pytramagyna tomaşa etmek isleýärler” diýip, Betmeniň ynamdar dosty Alfred (Maýkl Keýn) aýdýar. Bu söz 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezidentlik saýlawy mahalynda hem internet muşdaklarynyň arasynda diýseň ýörgünli bolupdyr.

K.Nolan Golliwudda nobatdaky maksadynyň nähili, nämedigine garamazdan, öz ykbalyny özi kesgitläp bilýän az sanly režissýorlardan biridir. Şeýle gysga sanawda Stiwen Spilberg, Jeýms Kemeron we Klint İstwud ýaly ägirtler hem orun alýandyr.

XS
SM
MD
LG