Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Gaza uran howa zarbalary üç palestinalyny öldürdi - Saglyk ministrligi


 Howa zarbasynyň urlan ýerinden gelýän hamaz ofiseri. Gaza şäheri, 9-njy awgust, 2018
Howa zarbasynyň urlan ýerinden gelýän hamaz ofiseri. Gaza şäheri, 9-njy awgust, 2018

Ysraýylyň 9-njy awgust güni irden Gaza zolagyndaky onlarça nyşana, palestin jeňçileriniň Ysraýylyň içine onlarça raketa atan künjegine uran howa zarbalary netijesinde üç adamyň ölendigi habar berilýär.

Gazanyň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, bombalaýyş mahalynda bir göwreli aýal, onuň 1 ýaşyndaky gyzy we hamaz jeňçisi öldürildi.

Palestinalylaryň atan raketalary azyndan ýedi ysraýyllyny ýaralady.

Ysraýyl goşuny Ysraýyla tarap 150-den gowrak raketanyň we minomýot okunyň atylandygyny aýtdy, Ysaraýylyň uruş uçarlary bolsa, hamaz jeňçileriniň pozisiýalaryna 140-dan gowrak howa zarbasyny urdy.

Bu ysraýyl-palestin atyşyklarynyň soňky ýygjamlaşmasy bolup durýar.

Ysraýyl we Hamaz yslamçy jeňçi topar 2007-nji ýylda Gaza kontrollygyny ele geçireli bäri üç gezek uruşdylar.

XS
SM
MD
LG