Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew ABŞ-nyň sanksiýalaryna 'ykdysady uruş' hökmünde serediljegini duýdurdy


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-nyň Orsýetiň banklaryna garşy ýa-da olaryň käbir walýutalary ulanmagyna gadagançylyk girizen ýagdaýynda, Moskwanyň muňa 'ykdysady uruşyň yglan edilmegi" hökmünde seretjekdigini we "ykdysady, syýasy ýa-da, zerur bolsa, beýleki görnüşde" jogap berip biljekdigini duýdurdy.

Medwedewiň 10-njy awgustda eden bu berk çykyşy ABŞ-nyň sanksiýalaryň täze tapgyryny yglan etmeginiň we kanun çykaryjylaryň Orsýetiň ençeme döwlet banklarynyň operasiýalaryna hem olaryň amerikan dollaryny ulanmagyna gadagançylyk girizmek barada eden teklipleriniň yzýanyna gabat geldi.

Medwedew Kamçatka adasyna eden saparynyň dowamyndaky çykyşynda özüniň agzan "beýleki çäreleriniň" nämeden ybarat boljagyny anyklaşdyrmady.

"Bu zerurlyk bolup biler...bu urşa ykdysady, syýasy ýa-da, zerur bolsa beýleki görnüşde reaksiýa görkezmeklik" diýip, Medwedew aýtdy we "Amerikaly dostlarymyz muňa düşünmelidir" diýip belledi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG