Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG paneli hytýaly uýgurlaryň 'ägirt uly türmede ýaşaýandygyny' aýdýar


Ylham Tohti, Hytaýda tussaglykda saklanylýan uýgur professory

BMG-niň adam hukuklary paneli Hytaýda 1 million çemesi etniki uýguryň “terrorçylyga garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene millionlarçasynyň bolsa, zor bilen gaýtadan okatmak lagerlerine ýerleşdirilendigini, netijede Hytaýyň uzak günbatardaky Uýgur regionynyň “ägirt uly tussghana ýaly bir zada meňzeýändigini” aýdýar.

BMG-niň jynsy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Gay McDougall 10-njy awgustda günbatardaky Sinjiaň awtonom regionynda tussag edilen uýgurlaryň we mususlman azlygynyň köpüsiniň hiç wagt kada-kanun esasynda jenaýatda aýyplanmandygyny we sudda seljerilmändigini aýtdy.

McDougallyň getiren sanlary Hytaýyň adam hukuklaryny goraýjylar guramasyndan gelene meňzeýär. Beýleki hukuk toparlary mundan azrak sanlary berýärler.

Hytaý Sinjaňyň yslamçy jeňçileriň çynlakaý howpy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny, olaryň esasan musulman uýgur azlygy bilen han hytaýlylarynyň köplüginiň arasynda dartgynlylylk döredýändigini öňe sürýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG