Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" delegasiýasy uly derejeli özbek resmileri bilen gepleşik geçirdi


Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow

“Talyban” topary we özbek resmileri “Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň başlygynyň geçen hepde Özbegistana sapar edip, Daşary işler ministrliginiň uly derejeli resmileri bilen gepleşik geçirendigini aýdýarlar.

Gepleşiklerde bir topar mesele, şol sanda halkara güýçleriniň Owganystandan çykarylmagy we Özbegistanyň Owganystandaky ösüş proýektleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “Talyban” resmisi Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pakistan gullugyna beren beýanatyndaaýtdy.

“Owgan parahatçylyk prosesi, daşarky güýçleriň Owganystandan çykarylmagy we parahatçylygy dikeltmek barada hem maslahat edildi” diýip, “Talybanyň” beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, dört günlük gepleşiklerde jeňçi topara “Talybanyň” syýasy başlygy Şer Mohammad Abbas Stanikzai wekilçilik edipdir. “Talybanyň” maglumatyna görä, Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we onuň Owganystandaky ýörite wekiliIsmatilla Irgaşew bilen duşuşyk geçirilipdir.

“Talyban” delegasiýasynyň Özbegistanda 6-10-njy awgust aralygynda bolandygy aýdylýar. Özbegistanyň DIM-niň resmi websaýty bu sapar barada iki setir habar çap edip, “taraplaryň Owganystandaky parahatçylyk prosesiniň perspektiwalary hakynda pikir alşandyklaryny” aýtmak bilen çäklendi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG