Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

President Gurbanguly Berdimuhamedow Kaspi sammitine gatnaşýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň V sammitine gatnaşmak üçin Gazagystanyň Aktau şäherine iş saparyna bardy diýip, TDH habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow sammitiň geçjek ýeri bolan Dostluk kşgünde gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew, Eýranyň prezidenti Hassan Ruhany, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem sammite gatnaşmaga geldi diýip, habarda aýdylýar.

Aktauda döwlet baştutanlarynyň duşuşygyndan öň hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň derejesinde gepleşikler geçirildi.

Aktau sammitinde kaspi deňziniň kanuny durumy boýunça konwensiýa gol çekilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG