Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýanyň Idlib welaýatynda dörän partlamada onlarça adam öldi


Ýarag ammarynda dörän partlamada azyndan 36 adam ölüpdir.

Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky Idlib welaýatynda ýarag ammarynyň partlamagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan azyndan 36 adam, şol sanda 12 çaga öldi.

Oppozisiýa tarapyndan dolandyrylýan Ak Kaskalar diýlip hem tanalýan, Siriýanyň Graždançylyk Goranyş toparynyň maglumatyna görä, partlama Türkiýäniň serhedine golaý Sarmada şäherinde ýüze çykypdyr.

Aýdylmagyna görä, bir binanyň ýerzeminindäki ýarag ammary “Al-Kaýda” bilen ilteşikli bir topar tarapyndan dolandyrylypdyr. Partlamada azyndan 70 adam hem ýaralanypdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG