Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň premýer-ministriniň Eýrana etmeli sapary ýatyryldy


Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi A
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi A

Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalary bilen ylalaşmasa-da, olara boýun bolmakdan başga alajynyň ýokdugyny aýdandan soň, onuň Eýrana etmeli sapary ýatyryldy.

Yrak lideriniň iki günlük saparynyň ýatyrylmagy yglan edilende sanskiýalar baradaky ylalaşmasyzlyklar resmi ýagdaýda agzalmady.

Abadiniň edarasy onuň 14-nji awgustda Türkiýä sapar etjekdigini, emma “doly gün tertibi sebäpli” onuň Eýrana etmeli saparynyň ýatyrylýandygyny mälim etdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran eýranly bir resmi Associated Press habar agentligine Abadiniň planlaşdyrylan saparyny Tähranyň ýatyrandygyny aýtdy.

Eýranyň hökümetiniň metbugat wekili bu ýagdaý boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

Eýran bilen Yragyň arasynda 1988-nji ýyla çenli sekiz ýyllyk gazaply uruş bolupdy. Emma 2003-nji ýylda Yragyň lideri Saddam Husseýn agdarylandan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşyp başlady. Şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýran Yragyň syýasy durmuşynda hem has aktiw rol oýnap başlady.

XS
SM
MD
LG