Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýäniň Merkezi banky ykdysady çäreleri geçirmekçi


Şu ýylyň hasabyna türk lirasy 45% hümmetsizlendi.

Türkiýäniň Merkezi banky ýurduň milli pul birliginiň hümmetsizlenmeginiň fonunda, ýurtda maliýe durnuklylygyny üpjün etmek üçin “ähli gerekli çäreleri” görmäge taýýardygyny aýdýar.

Mundan öň, ýurduň maliýe ministri Berat Albaýrak bazardaky howatyrlanmalary gowşatmak üçin hökümetiň hereket planyny işläp düzendigini mälim edipdi.

Türkiýäniň ykdysady çökgünlige uçramagynyň mümkindigi baradaky gorkularyň fonunda türk lirasy ABŞ-nyň dollaryna görä rekord derejede hümmetsizlendi.

Ankaranyň Waşington bilen gatnaşyklarynyň ýitileşmegi liranyň hümmetsizlenmegini has-da güýçlendirdi. Şu ýylyň hasabyna lira 45% hümmetsizlendi.

XS
SM
MD
LG