Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Gazni şäheriniň üstünde tapgyr dördünji gün gyzgyn söweş barýar


Gazni şäherindäki owgan güýçleri.

Owganystanyň gündogaryndaky Gazni şäheriniň üstünde “Talyban” jeňçileri bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky barýan söweş tapgyr dördünji gününe girdi.

Gazni welaýatynyň paýtagty Gazni Owganystanyň esasy uly şäherleri bolan Kabul bilen Gandaharyň arasyndaky uly ýolda ýerleşýär.

Içeri işler ministrligi şähere goşmaça güýçleriň ugradylandygyny mälim etdi.

Çaknyşyklarda 100 töweregi esger, polisiýa işgäri öldürildi we ýaralandy. Howpsuzlyk resmileri “Talybanyň” hem agyr ýitgileri çekýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG