Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Siriýada we Yrakda YD-nyň 30 müň töweregi jeňçisi bar


YD-nyň tussag edilen jeňçileri. Kirkuk. 2017 ý.
YD-nyň tussag edilen jeňçileri. Kirkuk. 2017 ý.

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, “Yslam döwleti” atly ekstremistik toparyň Yrakda we Siriýada harby taýdan ýeňlendigine garamazdan, bu iki ýurtda şindi-de jeňçileri bar. Olaryň sany 20 müň bilen 30 müňüň aralygynda.

13-nji awgustda ýaýradylan raport ady belli edilmedik hökümetlerden gelýär. Ol çet ýurtly söweşijileriň “saldamly düzümini” öz içine alýar.

“Yslam döwletine” şeýle hem “Al-Kaýda” garşy girizilen sanksiýalara gözegçilik edýän ekspertler tarapyndan BMG-niň Howsuzlyk Geňeşiniň garamagyna berlen raportda jeňçileriň Yrak bilen Siriýanyň arasynda deň bölnendigi aýdylýar.

"Yslam döwletiniň" köp aktiwisti Owganystana geçirilýär. Bu toparyň ol ýerdäki jeňçileriniň sany 3500 bilen 4 müňüň aralygynda, özi-de gitdigiçe artmak bilen diýip, ekspertler aýdýarlar.

Abu Bakr al-Bagdadiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň Liwiýada, Günorta-Gündogar Aziýada we Günbatar Afrikada-da köpsanly tarapdarlary bar.

"Yslam döwleti" 2014-nji ýylda Yragyň we Siriýanyň uly bölegi basyp aldy. Ýöne 2018-nji ýylyň ýanwaryna çenli bolan döwrüň içinde ol yza serpikdirilip, Siriýada kiçeňräk sebitlere dykyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabtynda bellenmegine görä, “Yslam döwleti” “şindi-de Siriýanyň territoriýasynda hüjümleri amala aşyrmaga ukyply. Ol Yrakda belli bir sebite doly kontrollyk edenok. Emma onuň aşakdan iş alyp barýan aktiwistleri bar.

Çet ýurtly jeňçileriň Siriýa we Yraga gelip, “Yslam döwletine” goşulmagy togtady. Ýöne olaryň indi yzlaryna dolanmagy, garaşylyşy ýaly çalt bolmasa-da, möhüm mesele bolup galýar diýip, ekspertler aýdýarlar.

Olaryň bellemegine görä, Al-Kaýdanyň-da global ulgamy “Özüniň çeýelik görkezmegini dowam etdirýär”. Onuň tarapdarlary we ýaranlary käbir ýerlerde, şol sanda Somalide, Ýemende, Günorta Aziýada we Afrikanyň Sahel regionynda "Yslam döwletinden" has güýçli.

XS
SM
MD
LG