Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB azeri oppozisiýa lideriniň azatlyga goýberilmegini gowy garşylady


Ilgar Mammadow
Ilgar Mammadow

Ýewropa Bileleşigi azeri resmileriniň oppozisiýa syýasatçysy Ilgar Mammadowy bäş ýyl türme tussaglygyndan soň azatlyga goýbermegini gowy garşyladylar.

“Ýewropa Bileleşigi Ýewropanyň Geňeşi bilen birlikde Mammadowyň ýagdaýyny içginden yzarlady” diýip, ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherininiň metbugat wekili beýanat ýaýratdy.

Oppozisiýadaky Alternatiw Respublika partiýasynyň lideri Mammadow türme tussaglygyna höküm edilenden bäş ýyl çemesi soň, ýagny 13-nji awgustda azatlyga goýberilipdi. Oňa ilki başda ýedi ýyl kesilipdi.

XS
SM
MD
LG