Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: özbek tussagy sakçyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy


Koloradodaky federal türme. Illýustrasiýa suraty.
Koloradodaky federal türme. Illýustrasiýa suraty.

ABŞ-da özbek terrorist toparyna ýardam bermekde aýyplanyp 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen özbek bosgunynyň tussaglyk möhletine ýene 20 ýyl goşuldy.

Fazliddin Kurbanow türme sakçysyny öldürmek synanyşygynda günäli tapyldy.

Prokurorlar onuň 2016-njy ýylda Kaliforniýanyň federal türmesinde emeli pyçak ýasap, sakçynyň damagyny çalmakçy bolandygyny aýtdylar.

“Kurbanow özüniň etmişi üçin ökünmeýändigini, şeýle-de pidanyň janyny almakçy bolandygyny aýtdy” diýip, prokurorlar Los Anjeles şäherinde geçirilen sud diňlenişiginiň dowamynda mälim etdiler.

Sakçy Kalwin Jonson hüjümde agyr ýaralansa-da, aman galmagy başardy.

Kurbanow ilki başda “Özbegistanyň Yslam Hereketi” terroristik toparyna maddy kömegini bermek synanyşygynda günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG