Rus prezidenti Wladimir Putiniň türkmen kärdeşi Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirjek ikitaraplaýyn gepleşiklerinde “energiýa meselelerini hem maslahat etmegi mümkin” diýip, Kreml maglumat berýär.
15-nji awgustda Soçi şäherinde ýokary derejede rus-türkmen gepleşikleri geçirilýär.
Russiýa eýýäm ençeme ýyldan bäri türkmen gazyny satyn almaýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde Soçide geçýän duşuşyk barada maglumat agzalmaýar.