Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kreml Sentsowyň ejesiniň oglunyň günäsiniň geçilmegi baradaky haýyşyny ret edýär


O.Sentsowyň rus türmesindäki ukrain syýasy tussaglaryň atlary ýazylyp çekilen portreti.

Kreml ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowyň ejesiniň oglunyň günäsiniň geçilmegi we rus türmesinden boşadylmagy baradaky haýyşyny ret etdi.

Ukrainanyň Hromadske TV-si Kremliň 14-nji awgust güni giçlik Lýudmila Sentsowa beren ýazmaça jogabyny görkezip, kinoçynyň ejesiniň 13-nji awgustda haýyş eden günä geçişiniň ret edilendigini aýan etdi. Oňa berlen jogapda rus kanunçylygynyň “günäsiniň geçilmegini ýazgarylan adamyň özüniň soramagyny” talap edýändigi aýdylýar.

Sentsow ozal özüniň günäsiniň geçilmegini soramajakdygyny, sebäbi jenaýat etdim diýip hasaplamaýandygyny we syýasy sebäpler esasynda türmä basylandygyna ynanýandygyny aýdypdy.

Ukrain parlamentiniň spikeriniň orunbasaryIryna Heraşçenko Kremliň Sentsowa beren jogabyny tankytlap, ony “haýasyzlyk” hökmünde häsiýelendirdi we Orsýetde türmä basylanbeýleki tanymal ukrainalylaryň- Nadia Sawçenkonyň, Ahtem Çigozyň we Ilmi Umerowyň resmi taýdan günä geçiş soralmazdan azat edilendigini belledi.

"Kreml ýalan sözleýär!... [Rus prezidenti Wladimir] Putin Oleh Oleh [Sentsowyň]hiç wagt geçirimlilik edilmegini soramajagyny bilýär" diýip, Heraşçenko aýtdy. "Orsýet Federasiýasy ahyr netijede Olehiň öldürilmegine alyp geljek ssenariýany durmuşa geçirýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Orsýetiň prezidentiniň adam hukuklary boýunça maslahat berýän geňeşiniň agzasy Zoýa Swetowa Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna onuň saglyk ýagdaýynyň rus türmesinde yglan eden üç aýlyk açlygy netijesinde “ýaramazlaşandygyny” aýtdy.

Swetowa bu sözleri 14-nji awgustda, Orsýetiň demirgazygyndaky Ýamalo-Nenetsk awtonom regionynda, Labytnangidäki türmede Sentsow bilen iki sagatlap gürleşenden soň aýtdy.

Swetowa Sentsowyň öz saglyk ýagdaýyny “agyrdan bärde” diýip häsiýetlendirendigini gürrüň berdi. Şeýle-de ol Sentsowa seredýän doktoryň, eger-de açlygyny bes etmese, onuň içerki organlarynyň islendik pursatda işlemegini bes edip biljegini duýdurandygyny aýtdy.

"Ol öz açlygyny bes etmekçi däl” diýip, Swetowa aýtdy. “Ol öz asylly maksadyna ynanýar. Ol öz başaran ähli zadyny etdi we indi ähli zat syýasy çözgüde bagly. Ol häzirki pursatda öz açlygyny dowam etdirmekden başga hiç bir çykalga görmeýär”.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Krymy ele geçirmeginiň berk tankytçysy bolan Sentsow, 2015-nji ýylda rus sudy tarapyndan terror hereketlerini amala aşyrmak üçin dil düwüşmekde günäli bilnip, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Adam hukuklary toparlary onuň aýyplamalary syýasy äheňli diýip hasaplamagyny goldap, kinoçynyň arkasyny aldylar. Birnäçe hökümet we tanymal şahslar Sentsowa geçirimlilik edilmegini sorap, Putine ýüz tutdy.

42 ýaşyndaky Sentsow Orsýetiň 64 sany ukrain raýatyny türmeden boşatmagyny talap edip, jeza beriş koloniýasynda maýyň ortasyndan bäri açlyk çekýär. Ol bu 64 adamy syýasy tussaglar diýip haplaýandygyny aýdýar.

Ol bu işde basyş etmek üçin özüniň açlykdan ölmäge taýýardygyny görkezdi we protestini “soňuna çenli” dowam etdirmegi wada berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG