Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paul Manafortyň işi sud oturdaşlarynyň garamagyna tabşyryldy


Paul Manafort
Paul Manafort

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň kampaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Paul Manafortyň işi sud oturdaşlarynyň garamagyna tabşyryldy. Munuň öňýanynda prokurorlar onuň Ukrainada syýasy maslahat beriji işleri üçin gazanan pulundan ABŞ-da salgyt tölemekden boýun gaçyrmagyna degişli ýalan sözländigi barada gizlin delilleri öňe sürdüler.

16-njy awgustda oturdaşlar sudunyň agzalary prokurorlaryň Manaforta garşy öňe süren salgytdan gaçmak we bank galplyklary bilen bagly aýyplamalaryň 18 punkty boýunça öz kararyny yglan ederler.

Günäli hasaplanan ýagdaýynda Manafort 10 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Bu sud Robert Muelleriň ýörite geňeşiniň Trampyň 2016-njy ýylyň saýlaw kampaniýasynyň Orsýet bilen güman edilýän arabaglanyşygyny derňemegine degişli ilkinji diňlenişikdir.

XS
SM
MD
LG