Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşiniýan “reformalaryň depginini güýçlendirmäge” söz berýär

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan häkimiýet başyna geçmeginiň 100 günlügi mynasybetli eden çykyşynda ýurtda amal edilýän “reformalaryň depginini güýçlendirmäge” söz berdi.

Ozalky aktiwist we oppozisiýa syýasatçysy Paşiniýan maý aýynda premýer-ministr wezipesine saýlanypdy.

Ol penşenbe güni hökümetiň öňünde eden çykyşynda: “Biz täze bir döwre gadam basýarys. Bu döwrüň esasy aýratynlygy hem reformalaryň depginini güýçlendirmekden ybaratdyr” diýip, çykyş etdi.

Paşiniýan häkimiýet başyna geçenden soň, esasy wezipäni, ýagny ýurtda dowamly ykdysady ösüşi amala aşyrandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG