Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik raýaty internetde prezidenti kemsidendigi üçin türmä höküm edildi


Umar Muradow
Umar Muradow

Täjigistanda 30 ýaşly bir raýat sosial ulgamlarynda ýerleşdiren ýazgylarynda prezidenti kemsitmekde we hökümeti agdyrmak çagyryşlarynda günäli tapylyp, bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Umar Muradow iki ýylyň dowamynda Russiýada zähmet migranty bolan döwri Odnoklassniki sosial ulgamynda gürrüňi gidýän ýazgylary galdyrypdyr diýip, täjik sud resmisi maglumat berdi.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna gowşan sud dokumentlerinde nygtalmagyna görä, Muradow käbir ýazgylary öz sahypasynda ýerleşdirendigini we birnäçe wideo “like” goýýandygyny boýun alypdyr.

Emma, Umarow “prezidenti kemsitmek we hökümeti agdarmak niýetiniň bolmandygyny” hem belläpdir.

XS
SM
MD
LG