Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda “turist polisiýasy” esaslandyrylýar


Gyrgyz polisiýasy.
Gyrgyz polisiýasy.

Gyrgyzystan ýurda syýahat edýän daşary ýurtly raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýörite polisiýa güýçleriniň esaslandyryljakdygyny mälim etdi.

Mundan öň, şeýle güýçler goňşy Özbegistanda we Täjigistanda döredilipdi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi “turist polisiýasynyň” 2018-nji ýylyň aýagyna çenli esaslandyryljakdygyny aýtdy.

Mundan öň, Täjigistan 29-njy iýulda daşary ýurtly welosipedçileriň öldürilmegine jogap edip, ýurtda turist polisiýasyny döredipdi. Şol hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne alypdy.

Gyrgyzystanda hem “Yslam döwleti” toparynyň jeňçileri bolmakda güman edilýänler hüjümleri amala aşyrypdylar.

XS
SM
MD
LG