Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Häkimiýetler daşary ýurda göçýänlere sud jogapkärçiligi barada güwähat bermeýär"


Mary şäherinden bir pursat (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi raýatlara, olara daşary ýurda göçmek islän halatynda zerur bolýan raýatyň Suda çekilmändigi baradaky resmi haty bermegi soňky bir aý bäri bes etdi diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi habar berýär.

Daşary ýurtlara göçüp barmaga isleg bildirýän adamlardan degişli döwletler öz ýurtlarynda olaryň sud jogapkärçiligine çekilip çekilmändigi barada güwähat soraýar.

“Eger [Türkmenistandan daşary ýurda] göçmek isleýän raýat Türkiýä, Özbegistana, Gazagystana we ş.m döwletlere barýan bolsa, onda baran ýurtlary olardan Türkmenistanda suda çekilmändikleri barada ‘sprawka’ soraýar, daşary işler ministrliginden sprawka getirmek talap edilýär. Indi geçen aýdan bäri şu ‘sprawkany’ bermek gadagan edilipdir” diýip, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi aýtdy.

Ol daşary işler ministrliginiň işgärleriniň sözlerine salgylanyp, bu ýagdaý boýunça resmileriň öňe sürýän näresmi sebäpleri barada gürrüň berdi:

“Daşary işler ministrliginiň käbir işgärleriniň düşündirmegine görä, ýurtda adam sany gaty azalýar. Ýerli raýatlaryň daşary ýurtlara göçmegine rugsat bermezligiň hasabyna ilat sanyny dikeltmek görkezme berlipdir” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň demirgazyk welaýatyndaky habarçysy bolsa, Türkmenistandan Gazagystana göçüp çykmaga synanyşan, ýöne welaýatyň Migrasiýa gullugy tarapyndan ‘ýoly baglanan’ bir türkmenistanlynyň başdan geçirenleri barada maglumat berdi.

“Milleti gazak daşoguzly bir türkmen raýaty Gazagystana göçüp gitmekçi bolýar. Oňa we maşgalasyna Gazagystanda ýaşaýan dogan-garyndaşlary çakylyk hatyny ugradýarlar. Ol bolsa Daşogzuň Migrasiýa gullugyna baryp, özüniň Türkmenistandan hemişelik göçüp gitmäge isleg bildirýändigini, munuň üçin zerur resminamalary taýýarlamakçy bolýandygyny aýdýar. Migrasiýanyň işgäri oňa Türkmenistanyň raýatlaryna ýurtdan hemişelik göçüp gitmegiň gadagan edilendigini aýdýar” diýip, Azatlygyň habarçysy şeýle ýagdaýlary başdan geçiren raýatyň sözlerine salgylandy.

“Oňa ‘eger göçüp barýanyňy merkez eşidäýse ýurtdan çykmagy gadagan edilenleriň sanawyna goşularsyň’ diýen haýbaty atypdyrlar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.

Öňe sürülýän habarlar boýunça Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy ýa-da Daşary işler ministrligi resmi maglumat ýaýratmady.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, Daşogzuň migrasiýa gullugynyň işgärleri Gazagystana göçüp çykmaga isleg bildirýän milleti gazak türkmen raýatyna “Ýöne Gazagystana gidip, bir aý gezip geläý!” diýip, maslahat beripdirler.

“[Ýurtdan hemişelik göçüp gitmäge isleg bildiren] türkmenistanly Daşogzuň Migrasiýa gullugyndan soňra, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp ýagdaýyň anygyna ýetmek isleýär” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, onuň söhbetdeşiniň Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan haraý gözläp, eden synanyşygy netijesiz bolýar.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý boýunça Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp bilmedi.

“Migrasiýa gullugynyň işgärleri türkmenistanlylaryň köpçülikleýin ýurdy terk edip, olaryň soňra yzyna dolanmaýandyklary sebäpli ýurduň içinde ilat sanynyň azalýandygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň habarçysy belledi.

Onuň Migrasiýanyň işgärlerine salgylanyp beren gürrüňlerine görä, türkmen häkimiýetleri üstümizdäki on ýylyň dowamynda öz raýatlarynyň ýurtdan hemişelik göçüp çykmagy üçin zerur bolan resminamalar boýunça raýatlar bilen hyzmatdaşlyk etmez.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň hereket azatlygyny kepillendirýär.

Türkmenistanyň soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirmegi bilen, daşary ýurda gazanç etmek, ýa-da ýaşamak üçin göçüp çykýan raýatlaryň sanynyň artýandygy barada habarlar gelip gowuşýar. Azatlygyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, häkimiýetler munuň öňüni almak üçin dürli çäreleri görýärler.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG