Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly migrant zenan Stambulda pyçaklanyp öldürildi


Arhiwden alnan iIllýustrasiýa suraty

Mundan iki hepde owal Stambulyň Awjylar diýen ýerinde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy bolan migrant zenanyň gije öýüniň ýanynda pyçaklanyp öldürilendigi habar berilýär.

Bu jenaýat bilen baglanşykly Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesinden türkmenistanly zenanyň pyçaklanyp ýaralanandan soň demini sanap ýatyrka düşürilen wideo şekili gelip gowuşdy. Wideo şekil ýaşlaryň ýanyndaky türk raýatlary tarapyndan ýazga alynypdyr. Wideoda Ýagmyr atly oglanyň ýaraly söýgülisine türk dilinde “Dilfuza, dem al, söýgülim” diýip ýüzlenýändigi we "Tiz kömek nirede“ diýip, gygyrýandygy eşidilýär.

Merhumyň Stambulda işleýän hossarlary we tanyş-bilişleri Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş boldy. Olaryň beren maglumatyna görä, ýaşlaryň ikisi hem Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy we Stambulda işleýärler. Oglanyň ady Ýagmyr, gyzyň ady bolsa “Dilfuza” lakamyny ulanan Ýulduz Imamkulowa. Ol 33 ýaşynda.

Stambulda türkmenistanly zenan pyçaklandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Ýagmyr atly migrantyň bir restoranda işleýändigini aýdan tanyşlary, ýöne öldürilen gyzyň näme iş bilen meşgullanandygy barasynda maglumat bermekden saklandylar.

Olaryň gürrüň bermegine görä, waka şeýle bolupdyr: Ýaşlar gijeki klubdan çykyp, öýüne gaýdanda hüjüme duçar bolupdyr. Olara hüjüm edenleriň ýerli türk raýatlarydygy we gyzy pyçaklanyň bolsa, owalky söýgülisidigi öňe sürülýär. Ýaraly ýagdaýda köp wagtlap ýerde Ýagmyryň gujagynda ýatan zenana hiç kim ilkinji kömegi bermändir. Ol tiz kömek ulagy gelip, hassahana äkidilip barýarka ýolda aradan çykypdyr.

Gyzyň Stambulda işleýän hossarlary onuň jesedini maşgalasyna ibermek üçin Türkmenistanyň konsulhanasyna ýüz tutanda, türkmen resmileri jenaýaty hiç kime aýtmaly we media hem bermeli däldigi barada berk duýduryş edipdirler.

Pyçaklanan zenanyň jesediniň Magdanla iberilmegine türkmen konsulhanasy hiç hili kömek etmändir we şeýlelik-de, hossarlary öz hasabyna ibermeli bolupdyr. Stambulda öldürilen migrant zenan Magdanly şäherçesiniň gonamçylygyna äkidilip jaýlanypdyr.

Sözi jemlesek, ähli synanşyga garamazdan, jenaýat bilen baglanşykly merhumyň söýgülisidigi aýdylýan Ýagmyr atly migrant oglan bilen bir hatarda, sud işiniň gozgalyp-gozgalmandygy barada degişli türk we türkmen resmilerinden hem nähilidir bir maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG