Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp rus dreňewi bilen ilteşikli resmä 'çakgan çäre' görjekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamdan ugramazyndan öň žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, 17-nji awgust, 2018.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ak tamdan ugramazyndan öň žurnalistleriň öňünde çykyş edýär, 17-nji awgust, 2018.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Adalat departamanetiniň Trampyň Orsýet bilen ilteşigi hakynda gapma-garşylykly dosýe toplan firma bilen gatnaşygy bolan resmisiniň howpsuzlyk rugsadyny ýatyrmak üçin “örän çakgan” çäre görmegiň pikirini edýändigini aýdýar.

Tramp 17-nji awgustda twitterde Brýus Ohryň (Bruce Ohr) bu departamentde bolmagy “masgaraçylyk” diýip ýazdy.

Bu Trampyň departamentiň 2016-njy ýyldaky saýlaw kampaniýalarynda onuň Orsýet bilen gatnaşyklaryny derňemäge ilteşigi bolan hukuk goraýjy we howpsuzlyk resmilerini nyşana almagynyň soňky görkezijisi bolup durýar.

Tramp 15-nji awgustda CIA-iniň (Merkezi derňew agentliginiň) ozalky direktory Jon Brennanyň howpsuzlyk rugsadyny ýatyrdy. Ol munuň “galplaşdyrylan” rus derňewi üçin görlen “nähilem bolsa bir” çäredigini aýtdy.

Brennan we Trampyň beýleki tankytçylary muny syýasy ar alyş hereketi hökmünde häsiýetlendirdiler.

XS
SM
MD
LG