Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif: ABŞ-nyň 'Hereket topary' Eýranyň ruhanyçylyk gurluşyny agdarmagy başarmaz


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif ABŞ-nyň Döwlet departamentinde täze döredilen "Eýran hereket topary" Eýranyň ruhanyçylyk gurluşyny agdarmagy maksat edinýär, emma ol muny başarmaz diýdi.

Zarif bu sözleri 19-njy awgustda twitterde, Eýranyň demokratiki esasda saýlanan premýer-ministri Mohammad Mossadygyň hökümetiniň ABŞ-nyň goldawynda agdarylmagynyň 65-nji ýyl dönüminde aýtdy.

1953-nji ýyldaky agdarylyşyk Eýranyň şasy Mohammed Reza Pählewiniň häkimiýetini dikeltdi we ol soňra 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasynda tagtyndan agdaryldy.

"ABŞ 65 ýyl ozal doktor Mossadygyň halk tarapyndan saýlanan demokratik hökümetini agdardy we diktaturany dikeldip, eýranlylary geljek 25 ýylyň tabynlygyna saldy. Indi ‘Bir hereket topary’ şeýle işi basyş, ýalňyş maglumat we nadaralyk arkaly amala aşyrmagy arzuwlaýar. Bu indi gaýdyp bolmaz” diýip, Zarif twitterde ýazdy.

Eýrany “zorluk akymynyň we Birleşen Ştatlara, biziň ýaranlarymyza, biziň hyzmatdaşlarymyza we hakykatdan hem eýran halkynyň özüne garşy durnuksyzlaşdyryjy gylyklaryň jylawyny ýazdyrmakda” aýyplap, döwlet sekretary Maýk Pompeo 16-njy awgustda "Eýran hereket toparynyň" döredilendigini yglan etdi we bu toparyň Waşingtonda we daşary ýurtlarda ABŞ syýasatyny ýöretjekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG