Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Khan Pakistanda reformalary geçirmegi söz berýär


Imran Khan

Pakistanyň täze premýer-ministri Imran Khan bu wezipä kasam getireninden soň köpçüligiň öňünde eden ilkinji çykyşynda, hökümet çykdajylaryny azaltmagy we korrupsiýa garşy göreşmegi söz berdi.

Ozalky kriket ýyldyzy Khan telewideniýe arkaly bir sagat çemesi eden çykyşynda “men beýik Pakistany görmek isleýärin” diýdi.

Khan 18-nji awgustda pakistan kanunçykaryjylary tarapyndan premýer-ministr wezipesine saýlanypdy.

Mundanam başga, Khan 192 million ilatly Pakistanda çagalaryň jynsy zorlugyna we howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi söz berdi.

XS
SM
MD
LG