Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bolton, Netanýahu Eýranyň “agressiýasyny” maslahat ederler


Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton

Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda, esasan, Eýranyň ýarag programmasynyň maslahat ediljekdigini mälim etdi.

Netanýahu muňa “Eýranyň regiondaky agressiýasyny duruzmak we olaryň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak” boýunça geçiriljek gepleşiklere garaşýandygyny aýdyp, jogap berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Doland Trampyň admistrasiýasy Eýranyň ýarag programmasy babatynda “ugruny üýtgedendigini” we Ýakyn Gündogarda jeňçileri goldaýandygyny aýdyp, Tährana garşy basyşlary güýçlendirmek ugrunda tagalla edýär. Eýran özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär.

Boltonyň Ukraina we Ženewa hem sapar etmegine garaşylýar. Ol 23-nji awgustda Ženewada özüniň russiýaly kärdeşi Nikolaý Patruşew bilen hem duşuşar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG