Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek premýer-ministri ýol heläkçiliginden soň keselhana äkidildi


Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow.
Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow.

Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow ýol heläkçiliginde alan “şikesleri” sebäpli keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Özbegistanyň Içeri işler ministrligindäki bir resmi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran ýokary derejeli özbek resmisi Aripowyň ulagynyň duşenbe güni Bekabad-Daşkenet magistral ýolunda başga bir ulag bilen çaknyşandygyny aýtdy.

Maglumata görä, hadysadan soň özbek premýer-ministri Daşkendiň golaýyndaky Bekabad etrabynyň keselhanasyna äkidilipdir.

Resmiler ýol heläkçiliginiň sebäpleri bilen baglylykda derňewe başladylar.

XS
SM
MD
LG