Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Imran Hana gutlag ýollady


Pakistanyň premýer-ministri Imran Han.
Pakistanyň premýer-ministri Imran Han.

Türkmenistanyň prezidenti Pakistanyň premýer-ministri wezipesine Imran Hanyň saýlanmagy mynasybetli, oňa gutlag ýollady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hana berk jan saglyk, bagt, şeýle hem Pakistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi diýip, türkmen metbugaty maglumat berýär.

Ozalky kriket ýyldyzy Imran Han, öz partiýasy geçen aýda gapma-garşylykly ýeňiş gazanandan soň, Pakistanyň premýer-ministrligine girişmek barada 18-nji awgustda kasam etdi.

65 ýaşyndaky Han bu wezipä 17-nji awgustda Milli Assambleýada guralan ynam ses berişliginde tassyk edildi.

XS
SM
MD
LG