Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sentsowyň tarapdarlary onuň açlyga başlamagynyň 100 günlügini belleýärler


Oleg Sentsow
Oleg Sentsow

Halkara PEN topary ukrainaly ýazyjy we režisýor Oleg Sentsowyň açlyk yglan etmeginiň ýüz günlügi mynasybetli Russiýanyň Londondaky ilçihanasynda çäre geçirmegi planlaşdyrýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän ýazyjylaryň birleşmesi “düýäniň ähli künjeginden goldawlary ýetirmegi” maksat edinýändigini aýdýar. Şeýle-de, çärede Sentsowyň hatlary we hekaýalary okalar.

Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna garşy ýiti tankytlar bilen çykyş eden Sentsow, 2015-nji ýylda rus sudy tarapyndan, terrorizm aýyplamalary esasynda, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Hukuk goraýjy toparlar oňa bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýarlar.

42 ýaşly Sentsow maýyň orlarynda Russiýanyň türmesinde açlyga başlady. Ol özüniň syýasy tussaglar diýip atlandyran 63 ukrain raýatynyň rus türmelerinden azat edilmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG