Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Reuters habar agentligine beren interwýusynda Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutmaýandygyny, ýöne eger-de Moskwa oňa Ukrainada we Siriýada isleýän zatlaryny berse, onda bu meselä garap biljekdigini aýtdy.

“Ýok, men muny göz öňünde tutmaýaryn. Ýok. Eger-de, olar biziň üçin bähbitli zatlary etseler, men muňa garap bilerin. Ýöne, onsuz men muny göz öňünde tutmaýaryn” diýdi.

Mundanam başga, Tramp geçen aý Helsinkide geçen sammitde Putiniň sanksiýalary aradan aýyrmak barada haýyş etmändigini belledi.

Emma, Tramp iki sagat çemesi dowam eden gepleşikleriň dowamynda Russiýanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyny we rus gazyny Germaniýa akdyrjak Demirgazyk Akym 2 gazgeçiriji proýekti barada gürrüň edendiklerini mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG