ABŞ-nyň federal žýurisi prezident Donald Trampyň ozalky kampaniýa başlygy Paul Manaforty salgytdan gaçmak we bank gaplyklary bilen ilteşikli bildirilýän 18 aýyplamanyň sekizsi boýunça günäli tapdy.
Şol bir wagtda, Trampyň uzak wagtlyk şahsy aklawçysy kampaniýanyň maliýeleşdirilmegi we beýleki jenaýat aýyplamalary bilen baglylykda günäsini boýun almaga razy boldy.
Olaryň ikisi hem prezident Donald Trampyň ýaranlary bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle-de Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryna gatyşdy diýilýän ýagdaýlary seljerýän, ýörite geňeşçi Robert Muelleriň alyp barýan derňewinde geçýär.