Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň prezidentleri Türkmenistana sapar edýär


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Türkmenistana döwlet saparyna başlady, Aşgabat, 23-nji awgust, 2018

Türkmenistan Aral deňzini halas etmek boýunça halkara fonduny döreden döwlet baştutanlarynyň sammitine taýýarlanýar.

24-nji awgustda Awazada geçiriljek sammitiň öňüsyrasynda 23-nji awgustda Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow Türkmenistana döwlet sapary bilen bardy. 24-nji awgustda Türkmenistana Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň sapar etjegi habar berildi.

24-nji awgustda Hazar deňziniň boýunda Awazada geçiriljek sammitiň gün tertibinde howanyň global derejede üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy boýunça aktual meseleleriň maslahat edilmegine garaşylýar. Sammitiň netijesinde döwletleriň bilelikdäki jarnamasynyň kabul ediljegi aýdylýar.

Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan tarapyndan esaslandyrylan fond Aral deňzini halas etmek we regionyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça bilelikdäki proýektleri maliýeleşdirmek meselesini öz öňünde goýýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG