Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hakerleriň demokratik saýlawçylaryň faýllaryny döwmek synanyşygy başa barmady


Illustrasiýa suraty

ABŞ-nyň resmileri hakerleriň Demokratlaryň milli komitetiniň ses berijiler arhiwini döwmek boýunça synanyşyk edendigini, emma olaryň öňüniň alnandygyny mälim etdiler. Bu ýagdaý partiýanyň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda elektron hatlarynyň Orsýet tarapyndan güman edilýän ogurlygyndan iki ýyl geçensoň ýüze çykdy.

Demokratik partiýanyň resmileriniň 22-nji awgustda aýtmagyna görä, web howpsuzlygy boýunça şirket bu synanyşygyň üstüni açypdyr we 21-nji awgustda komitete habar beripdir.

Hakerler saýta girmek üçin galp sahypa döredip, ulanyjylaryň atlaryna we açarlaryna eýe bolmaga we Demokratik partiýanyň ses berijileriniň faýllaryna eýe bolmaga synanyşypdyr.

ABŞ-nyň hökümetiniň we tehnologiýa boýunça resmileriniň aýtmagyna görä, bu synanyşygyň arkasynda kimiň durandygyny aýtmak entek ir. Federal derňew býurosy (FBI) ýagdaýy kommentirlemekden ýüz öwürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG