Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dört ýyla golaý türmede saklanan täjigistanly oppozision aklawçy azatlyga goýberildi


Aklawçy we oppozision syýasatçy Şuhrat Kudratow. Arhiwden alnan surat
Aklawçy we oppozision syýasatçy Şuhrat Kudratow. Arhiwden alnan surat

Täjigistanda para almak aýyplamalarynda dört ýyla golaý wagt türme tussaglygynda saklanan aklawçy we oppozision syýasatçy azatlyga goýberildi. Şuhrat Kudratow we onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýarlar.

Aklawçy we oppozision syýasatçynyň dogan-garyndaşlary 24-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Kudratowyň häzirki wagt öýdedigini, ýöne onuň dynç almaga zerurlygynyň bardygyny aýdyp, häzirlikçe žurnalistler bilen gepleşmekden saklanýandygyny mälim etdiler.

2015-nji ýylyň ýanwarynda Duşenbäniň sudy Şuhrat Kudratowyň dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigi barada karar çykardy.

Soňra Täjigistanyň Ýokary sudy onuň türme tussaglygyny üç ýyl sekiz aýa çenli gysgaltdy.

Kudratow oppozision “Täjigistanyň sosial demokratik partiýasynyň” lideridir.

XS
SM
MD
LG