Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Pompeonyň Demirgazyk Koreýa planlaşdyrylan ssaparyny goýbolsun etmegini buýurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sekretary Maýk Pompeo indiki hepde Demirgazyk Koreýa planlaşdyrylan saparyňy goýbolsun et diýendigini, sebäbi özüniň ýarymadada ýadro ýaraglaryndan saplanmak meselesinde öňegidişlik görmeýändigini aýtdy.

Tramp 24-nji awgustdaky twitter beýanatynda Hytaýy hem tankytlady, ýagny onuň Phenýany öz ýadro ýaraglaryndan el çekmäge yrmak tagallalarynda ýardamçy bolmaýandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Tramp Pompeonyň “ýakyn geljekde”, belki-de ABŞ-Hytaý söwda jedelleri “çözülenden” soň, şindi hem Demirgazyk Koreýa gitjekdigini ýazdy.

Şeýle-de ol özüniň “Başlyk Kim [Jong Una] gyzgyn salamlaryny we sylag-hormatyny gönderýändigini, ony basym görmek umydyndadygyny” aýtdy.

Günorta Koreýanyň Daşary işler ministrligi Trampyň bu gelen kararynyň “şowly bolmandygyny” aýtdy, emma ýaranlaryň ýadro ýaraglaryndan saplanmakda “düýpli öňegidişlik” gazanmaga çalyşmaklary has möhüm diýdi.

XS
SM
MD
LG