Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jalalabat: Saýlaw edarasynyň golaýynda bolan partlamada azyndan iki adam öldürildi


Owgan howpsuzlyk güýçleri güman edilýän jeňçileri tussag etdiler. Jalalabad, 16-njy awgust, 2018.

Owganystanyň gündogar şäheri Jalalabatda, saýlaw komissiýasynyň edarasynyň golaýynda onlarça protestçi toplananda bolan partlamada azyndan iki adam öldürildi, dördüsi bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýtdylar.

Protestçiler saýlaw resmileriniň jeňçiler bilen aragatnaşyk saklamakda güman edip, bäsleşikden çetleşdiren partlament kandidatyna goldaw bildirmek üçin ýygnanypdylar.

Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attahullah Khogýani ýaraly bolanlaryň hassahana ýerleşdirilendigini, olaryň biriniň ýagdaýynyň has agyrdygyny, pidalaryň sanynyň köpelmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG