Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowada oppozisiýa protestleri geçirýär


Kişenewda protestçiler hökümete garşy demonstrasiýa geçirýärler. 27-nji awgust, 2018 ý.

Moldowanyň paýtagty Kişenewda müňlerçe adam häkimiýet başyndaky Demokratik partiýa we onuň ýolbaşçysy Wladimir Plahotniuça garşy ýörişleri geçirdi.

Protestçiler Moldowanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny galgadyp, “Mafiýa hökümeti çöksün”, “Plahotniuçy gözenegiň aňyrsyna ýollaň” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

Demonstrasiýalar Ýewropa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän Hereket we Raýdaşlyk partiýasy, Mertebe we Dogruçyllyk Platformasy we Moldowanyň Liberal Demokratik partiýasy tarapyndan gurnaldy.

Protestçiler demonstrasiýalary dowam etdirmegi söz berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG