Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Russiýa garşy girizen sanksiýalary güýje girýär


ABŞ-nyň Döwlet departamenti.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti.

ABŞ-nyň Russiýa garşy, martda Britaniýada ozalky rus içalysynyň we onuň gyzynyň zäherlenmegi bilen baglylykda, girizen sanksiýalary duşenbe güni güýje girýär.

Bu gadagançylyklar şu aýyň başynda, haçanda ABŞ Sergeý we Ýuliýa Skripallary rus hökümetiniň “zäherländigini” ýüze çykarandygyny aýdanyndan soň, yglan edilipdi.

Skripallar 4-nji martda Angliýanyň Salisbury şäherinde huşsuz ýagdaýda tapylypdylar. Olaryň ýagdaýynyň agyr bolandygyna garamazdan, olaryň bejergisi üstünlikli geçdi.

Britaniýa munuň arkasynda rus prezidenti Wladimir Putiniň hökümetiniň durandygyny aýtdy. Moskwa bu aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG