Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda azyndan ýedi žurnalistiň ýurtdan çykmagyna gadagançylyk girizildi


Germaniýanyň Deutsche Welle radiosynyň Minskdäki habarçysy Paulýuk Bykouskiý
Germaniýanyň Deutsche Welle radiosynyň Minskdäki habarçysy Paulýuk Bykouskiý

Belarus häkimiýetleri üç garaşsyz media guramasynyň ençeme žurnalistini “BeITA” döwlet habar gullugyndan maglumaty bikanun ýollar arkaly ele geçirmekde aýyplap olara garşy hereket gadagançylygyny girizdi.

27-nji awgustda Germaniýanyň Deutsche Welle radiosynyň Minskdäki habarçysy Paulýuk Bykouskiý özüne Derňew komitetiniň ýurtdan çykmazlygy tabşyrandygyny mälim etdi. Derňew komiteti BeITA-nyň kompýuter ulgamlaryna edilendigi aýdylýan haker hüjümi bilen baglylykda derňew işini alyp barýar.

Bykouskiý gozgalan işiň jikme-jikligi barada jemgyýetçilige maglumat aýan etmezligiň özüne berk tabşyrylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Bu aralykda BelaPAN habar agentliginiň habarçysy Tatsýana Karawýankowa AÝ/AR-a beren gürrüňinde özüniň hem-de baş redaktoryIrina Leuşynanyň-da ýurtdan çykmagyna näbelli wagta çenli gadagançylyk girizilendigini aýtdy.

Karawýankowa tut.by atly hususy onlaýn täzelikler portalynda işleýän dört žurnaliste - Halina Ulaşige, Hanna Kaltyhina, Hanna Ýermaçonaga we Dmitri Bobryga syýahat gadagançylygynyň girizilendigini aýtdy.

Hereket gadagançylygy girizilen žurnalistler 7-nji awgustda derňewiň çäginde 24 sagatlap saklanan 18 habarçynyň hataryndadyr. Sülçiler Tut.by bilen BelaPAN-yň habar merkezlerinde gözleg işlerini geçirdiler.

Hukuk goraýjy toparlar bu çärelere eli güýçli Aleksandr Lukaşenko bilen onuň hökümetini tankyt edýän ýurtdaky garaşsyz guramalaryň sesini ýatyrmaga edilýän synanyşyk hökmünde baha berýär.

Belarusyň daşary işler ministrligi bu gürrüňleri ret edýär.

XS
SM
MD
LG