Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa babatda dartgynlylyk artýan mahaly, Russiýa Ortaýer deňzinde harby floty güýçlendirýär


Orsýetiň harby gämisi
Orsýetiň harby gämisi

Russiýa Ortaýer deňzinde ýene-de birnäçe söweş gämisini ýerleşdirdi. Rus media serişdeleri muny Orsýet 2015-nji ýylda Siriýanyň raýat urşuna goşulyşany bäri deňizde söweş gämileriniň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly iň uly çäre diýip häsiýetlendirýärler.

Bu harby güýçlendirme, Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň pitneçileriň kontrollugyndaky soňky iň uly enklawa, ýagny demirgazyk Idlib welaýatyna hüjümleri amala aşyrmaga taýýarlanýandygyna ynanylýan mahalyna gabat geldi.

28-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar edarasy hökümetiň bu ýerde amala aşyrjak giň gerimli hüjümleriniň Siriýanyň ýedi ýyllyk konfliktinde “häzire çenli görlüp-eşidilmedik derejede adatdan daşary gumanitar ýagdaýy döretmek potensialynyň bardygy” barada duýduryş berdi.

Şeýle-de, Orsýetiň bu çäresi, 28-nji awgustda geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda Birleşen Ştatlaryň, Britaniýanyň we Fransiýanyň Idlibdäki hüjümlerde himiki ýaraglary ulanmazlyk barada Siriýa edýän duýduryşlaryny tekrarlan mahalyna gabat geldi. Şonda bu üç ýurt Orsýetiň howa güýçleri tarapyndan goldanylýan Siriýany “hüjümlerde şeýle bikanun ýaraglar ulanylsa, onda munuň Günbataryň ar almagyna getirjekdigini” hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG