Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ABŞ-nyň we Ysraýylyň talaplaryna garamazdan, Siriýadaky harbylaryny saklap galar


Eýranyň goranmak ministri Amir Hatami we Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

Tähran Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň talaplaryna garamazdan, özüniň Siriýadaky harbylaryny saklap galar diýip, Eýranyň Damaskdaky harby attaşesi aýtdy.

“Siriýada eýranly maslahatçylaryň bolmagy Tähran bilen Damaskyň arasynda baglanyşylan harby hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň bir bölegi bolup durýar” diýip, 28-nji awgustda Eýranyň habar agentlikleri brigada generaly Abolkasem Alinejadyň sözlerini sitirlediler.

Habarda bu ylalaşyga iki ýurduň goranmak ministrleriniň hepdäniň ahyrynda gol goýandygy hem bellenilýär.

Eýranyň Yslam Rewolýusion gwardiýasy Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän raýat urşunyň barşynda prezident Başar al-Assadyň sünni musulman pitneçilerine garşy söweşine ýardam bermek üçin ýaraglary we müňlerçe söweşijini Siriýa ugratdy.

Ysraýyl we Birleşen Ştatlar Eýrandan Siriýanyň raýat urşunyň islendik soňky çözgüdiniň bir bölegi hökmünde öz maslahatçylaryny we söweşijilerini çykarmagy talap edipdiler.

Geçen hepde Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton Eýranyň Siriýadan ähli goşunlaryny çykarmalydygy barada Waşingtonyň edýän çagyryşlaryny tekrarlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG