Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Germaniýanyň häkimiýetleri protestlerden soň, Erdoganyň heýkelini aýyrdy


türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň heýkeli

Germaniýanyň häkimiýetleri howpsuzlyk töwekgelçiligini döredýär diýip, ýurduň Wisbaden şäherindäki sungat festiwalynda oturdylan türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdoganyň gyzyl heýkelini aýyrdylar.

Temasy “Erbet habar” bolan festiwalyň guramaçylary Erdoganyň 4 metr uzynlygyndaky heýkelini 27-nji awgustda Wisbadeniň merkezi meýdançasynda ýerleşdiripdiler.

Häkimiýetler şondan bäri bu heýkeliň Erdogana tarapdar we oňa garşy adamlaryň çykyş etmegine esas döredýän magnita öwrülendigini aýdyp, munuň konflikti öjükdirýändigini bellediler.

Gürrüňi gidýän heýkel graffiti görnüşinde çekilen suratlar bilen ýoýulyp, oňa “türk Gitleri” ýaly şygarlar ýazyldy we muňa garşy birnäçe ýüz adam protest geçirdi.

Polisiýa mundan beýläk halkyň howpsuzlygyna kepil geçip bilmejekdigini aýtdy. 29-njy awgustda ir daňdan, heniz töwerek-daş ýagtylmanka Ýangyn söndüriji edaranyň işgärleri heýkeli meýdançadan aýyrdylar.

Germaniýanyň asly türk 3 million ilaty bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG