Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir soraga üç jogap: Türkmenistanda geçirilýän köpçülik çäreleri raýatlaryň durmuşyna, okuw-bilime nähili täsir ýetirýär?


Köpçülikleýin çärä gatnaşyjylar
Köpçülikleýin çärä gatnaşyjylar

Türkmenistanda soňky ýyllarda köpçülik çerlerini, baýramçylyk dabaralaryny uludan-uly tutmak, olara has öňünden berk taýýarlyk görmek we kän adam gatnaşdyrmak kada öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet mejlislerinde köpçülik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde, uly türkmen toýy görnüşinde geçirilmegini talap edýär we medeniýete gözegçilik edýän wise-premýer her aýda geçiriljek çäreler, olara görülýän taýýarlyk barada ýörite hasabat berýär. Şonuň bilen bir wagtda, bu çärelere näçe döwlet serişdesiniň harçlanýandygy, çäre wagtynda ejir çekýän adamlar barada maglumat berilmeýär.

Eýsem, Türkmenistanda döwlet tarapyndan guralýan mejbury çäreler adamlaryň durmuşyna, okaýan ýaşlaryň okuw-bilim derejesine nähili täsir ýetirýär?

Bir soraga üç jogap: Türkmenistanda geçirilýän köpçülik çäreleri raýatlaryň durmuşyna, okuw-bilime nähili täsir ýetirýär?
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:57 0:00

Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew, lebaply medeniýet işgäri Imanguly Babaýew (ady üýtgedilen - red), türkmen talybynyň kakasy Çary Kakaýew (ady üýtgedilen - red) bilen söhbetdeş boldy.

Amanmyrat Bugaýew, ýazyjy we synçy.

Türkmenistanda berilýän döwlet hasabatlaryna laýyklykda, orta hasap bilen bir ýylda 45 müň – 46 müň çäre geçirilýär. Şol çärelerede ilatyň ähli gatlagy çekilýär. Şol çärelere çekilýän gatlagyň-da ählisiniň işine, okuwyna bu çäreler diňe ýaramaz täsir edýär. Meselem, mekdep okuwçylaryna ýa-da studentlere bilimleriň çuňlugyna aralaşmaga wagt az galýar. Ýa-da bolmasa önümçilikde zähmet çekýänleriň özüniň iş ornunda durup ilat köpçüligine, ýurda gerekli önümleri öndürmegine ýaramaz täsirini ýetirýär.

Şeýle hem bu ýurduň beýleki pudaklarynda işleýänlere-de şeýle zyýan ýetiýär. Ýöne, iň esasy ýetýän zyýan bu: adamlaryň ruhuna urulýan urgy. Bu geçirilýän çäreler ruhy göýdüklige, ruhy elgaramalyga alyp barýar. Meselem, mekdep okuwçylarynyň görýän görüm-göreldesi özüniň atasynyň, babasynyň, mamasynyň, enesiniň... ählisiniň baş egip duranlaryna, hem ýalan sözläp iň erbet zatlaryň bolup geçýänligini, durmuşda kynçylygyň bolup geçýänligini aýtman, oňa derek ‘durmuşyň gül ýaly’ diýýänlerini çagajyklar görýärler.

Onsoň bularda-da eýýäm kämillige ýetmedik, bekemedik aň ‘diýmek, durmuşda ähli zady gowy diýip aýtmaly’, ‘kemçiligi aýtmak bolanok’, ýa-da bolmasa ‘diňe bir adamyň aýdanyna gulak asmaly. Diňe bir adam dogry aýdýar. Galanymyz şonuň aýdýanyny amal etmeli, bize pikir etmegiň geregem ýok’ diýen ýaly düşünjeler eýýäm çagalykdan kemala gelýär.

In-e, urulýan urgynyň iň zamuny bu: jemgyýet ruhy taýdan çüýremeklige, ruhy taýdan elgaramalyga tarap gitdigiçe uly ädim ädýär. Ykdysadyýetiň kynçylygyny ýeňip bolar, beýleki kynçylyklary ýeňip bolar, eger aňly-düşünjeli adamlar şol pudaklara ýolbaşçylyk etseler. Ýöne, ruhy göýdükligi ýeňmäge welin, 10 däl, 100 ýyl hem azlyk eder.

Imanguly Babaýew, lebaply medeniýet işgäri.

Pagta ýygymyna isleseň-de islemeseň-de gidýärsiň. O barada gürrüň hem ýok. Ýöne, şol bir wagtyň özünde işde hem bolmagyňy talap edýärler. "Näçe çärä gatnaşdyň?“ diýip soraýarlar "Plança çäre geçirdim“ diýärsiň. "Sen pagta ýygmadyňmy?“, "Ýygdym“. "O çäräni nädip geçirdiň onsoň? Men saňa pagta git diýemok“ diýýänem bolsa, barybir döwlet işgärlerini hökmany suratda zor bilen pagta ýygymyna iberýärler. Ýygmaly pagta mukdaryny hem hökman berjaý etmeli.

Döwlet derejesinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri bolsa işgärler üçin diňe keselçilik. Prezident sapar edip gideninden soň meniň özüm bilim agyryp üç gün ýatdym. Öz aýlygymyza alýan täze telpek, don, ädigimiz görer ýaly bolmady. "Ana häzir gelýär. Boluň daşaryk çykyň“ diýip, gygyrýar. Daşarda bolsa ýagyş guýup dur we erbet şemal bar.

Çykyp durýarsyň welin gelýän we geçýän adam hem ýok. Onsoň ýene içerik girýäris. Gara öýüň içi hem hyryn-dykyn we laý hem batga. Içerik salynan haly we düşekler bolsa weýran. Adamlar içinde saňňyldaşyp otyrlar. Hiç kimiň islegi ýok we hemmesi hem içinden gargynç aýdýarlar. Adamlar "Haçan geçerkä bu günler?“ diýip, nalaýar. Käbiri ýatyr derman içip, çişip. Orslaryň aýdyşy ýaly adamlaryň içini ýakýarlar. Nägilelik bildirip bolanok. Bir zat diýseň, tohumyň bilen ýok etjek olar. Çärelere gatnaşýan işgärleriň urulýan wagty hem köp bolýar.

Meni urmaga haky ýok olaryň, men hem olaryň özi ýaly adam ahyryn. Çärelerde adamlara zulum edýänler ahyrynda wezipesinden boşadylyp, biabraý edilýär. Ýöne, şonda-da şeýle ýagdaýy bilip hem resmiler işgärlere zuluma dowam edýärler. Eliňi göterim durmaly günüň aşagynda. "Hany bugdaý oruljak, hany omyn ediljek. Eliňizi göteriň, has ýokary göteriň. Eý, ýaşuly, şemalda seniň sakgalyň gymyldaýar“ diýýär, çäräniň ýolbaşçysy. Sakgal bolup gymyldamasa bolmaz ahbetin. Çärede märekäniň öňünde duran bir adamyň uzyn sakgaly bar we ol hem şemala gymyldaýar. "Eý, ýaşuly saklap bolmaýarmy sakgaly“ diýýär.

Prezident gelende we geçende hiç zat gymyldamaly dälmişin. Toba etdim. Nähili boldy bular diýýärin. "Eliňizi göteriň ýokarrak. Heý, aňyrky seniň eliň aşakda dur, göter. Ýarym sagat, kyrk minutlap diňe el göterip durýarys. Özi hem her üç çäreden täze alan eşikleriňi çalyşmaly bolýar. Olaryň puluny öz aýlygymyzdan almaly. Onsoň çärelerde ulanylýan köne awtobuslar hem indi işlemeli däl edildi. Çärelerde kireýine tutulýan awtobuslaryň puluny hem ýene biz bermeli. Gününe 5-10 manatdan töleýäris. Diňe onuň bilen hem çäklenmeýär. Bilemok nirä oturdylýan arça, ýöne şonuň üçin hem pul goşýarys. Çärelere pul goşmakdan 1200 manat aýlygymyzyň ýarysyndan sähelçe gowragy ýagny 700 manady zordan elimize geçýär.

Garaz çäreler döwlet işgärleri, talyplar we okuwçylar üçin diňe çykdaýjy. Bolar bolgusyz çäresi köp. "Alkyş saňa pylany! Hoş geldiň plany, nämä! Gyzylýarymaý jemgyýeti üçin“ diýen, şygarlar bilen bolgusyz çäreler geçirýärler. Edil uruş ýyllaryndaky ýaly çärä gatnaşýanlaryň biline el ýaly çörek gysdyrylandyr garbanmak üçin. Onsoň her ýyl welosiped alynýar, oňa pul goşmaly. Bu ýyl bolsa üç sany sport eginbaş aldyk we satyn almajak bolsaň saňa: "Ol bolýar, bu bolanok. Alan bolsaň men näme edeýin. Bolmasa ýaz arzaňy, git“ diýýärler.

Lebaba ilki ýaşyl reňkli sport eginbaş berildi saglyk çärelerine gatnaşanyňda geýmek üçin. Onuň bahasy hem 560-600 manada barabar bolýar. Lebaba bugdaýyň reňki bolan sary reňk berlipdir we şonuň üçin sary reňkli almaly diýildi. Ondan aldyk. Soň "Ýok, bu aýralygyň reňki. Bu agyr. Bu bolmaýar. Ak zat alnyňa ýagşy diýlene eýerip ak reňk almaly“ diýlen buýruk berildi. Soň göterimine ondan mundan karz pul alyp başladyk çäreler üçin. Işlejek bolsaň, başga alajyň ýok. Hemmeleriň güni şeýle. Wah, doganjan, aýtsaň gep känle.

Çary Kakaýew, türkmen talybynyň kakasy

Talyplaryň çärelerde geýmeli köýnegini, köwşüni, sport eginbaşyny okaýan institutynyň özi satýar. Diňe eginbaşyna owalky puldan 18 million häzirki puldan 3600 manat töwereginde pul berdiler. Talybyň özi islän ýerinden alyp bilmeýär ýa-da aljak däl hem diýip bilmeýär. Çäreler üçin eginbaşlary hökman almaly. Ol hem maşgalalar üçin az pul däl.

Türkmenistanda okuw galmady çäreler sebäpli. Studentleriň çärelere gitmekden aňkasy aşyp, öwrenmelisini öwrenmeýär. Çärelerden soň ýaraman ýatýarlar, agzynyň suwuny akdyryp. O yssyda çärä gitmek gaty kyn. Çäreden-çäre ylgaşyp ýörler. Aýaklarynyň aşagy çişip, lorsuldap ýatyr. Agyr gurluşyk işlerinde işleýänler hem olar ýaly ýadaýan däldir. Eşek ýaly ýadaýarlar. Onsoň olar gelip eline nädip kitap alsyn? Olardan nirede we näwagt sapak soralýar? Onsoň ekzamenden olar nädip geçýärler, men bilmeýärin. Talyplar çärelerden okamaýarlar. Şuny oýlanyp görüň.

Başga ugurlarda okaýanlar belki praktikada işi biraz öwrenip biler diýeli. Meniň oglum ýaly medisina ugrynda okaýanlar hiç zat öwrenmän we etmän okuwy gutarjak. Ekzameni geçip bilmeýän ýok. Çärelere gatnaşýanlary gutardyp goýberýärler. Çäreden-çärä ýüwürip, medisinany okady diýýänlere onsoň nädiň janyňy ynanjak?

XS
SM
MD
LG