Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-a Siriýa zarba urmazlyk boýunça duýduryş berýär


Siriýanyň harby desgalaryna ABŞ-nyň güýçleri zarba urýar
Siriýanyň harby desgalaryna ABŞ-nyň güýçleri zarba urýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, eger-de Siriýa hökümeti himiki ýaraglary ulanan ýagdaýynda, oňa zarba urjakdygyny duýdurmagyndan soň, Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasy ABŞ-ly resmileri Siriýada “esassyz we bikanun agressiýa hereketlerine” baş goşmazlyga çagyrdy.

“Birleşen Ştatlaryna Siriýada ýene-de bir esaslandyrylmadyk, bikanun agressiýa hereketlerine baş goşmazlygy duýdurdyk. Siriýada dartgynlylygyň artmagy hiç kimiň milli bähbidine peýda getirmeýär” diýip, rus ilçihanasy 29-njy awgustda Facebook sosial ulgamynda paýlaşan beýanatynda aýtdy.

Geçen ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Siriýanyň himiki ýarag saklanýandygy aýdylan desgalaryna iki gezek zarba urmak boýunça buýruk beripdi. Ondan ozal Siriýanyň howa güýçleri adaty raýatlaryň garşysyna zäherli gaz ulanyp iki gezek hüjüm etdi diýildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonýu Guterriş günbatarly güýçlere goşulyp, Siriýa hökümetini himiki ýarag hüjümini gaýtalamazlygy duýdurdy. Mundan ozalky hüjüm hadysalary BMG tarapyndan dokumentleşdirilipdi.

“Himiki ýaraglaryň islendik ýagdaýda ulanylmagy düýbünden kabul ederliksizdir” diýip, Guterrişiň metbugat wekili aýtdy.

Siriýa bilen Orsýetiň ikisi-de himiki ýaraglaryň ulanylandygyny ret edýär. Olar dokumentleşdirilen himiki hadysalary ýurtda 400 müň adamyň janyny alan 7 ýyllyk raýat uruşunda Siriýa hökümetine garşy söweşip gelýän gozgalaňçy güýçleriň üstüne atmaga synanyşdy.

XS
SM
MD
LG