Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Ortaýer deňzinde uly harby türgenleşikleri geçirmäge taýýarlanýar


Orsýetiň söweş gämisi
Orsýetiň söweş gämisi

Orsýet bilen Günbataryň arasynda Siriýa babatynda dartgynlylyklar artýan mahaly, Moskwa şu hepdäniň ahyrynda Ortaýer deňzinde uly harby türgenleşikleri geçirmäge başlajakdygyny aýdýar.

Harby-deňiz türgenleşik çäreleri sentýabr aýynyň 1-8-i aralygynda geçiriler we oňa 25 sany söweş gämisi, şol sanda raketa gämileri, 30 sany söweş uçary gatnaşar diýip, 30-njy awgustda Orsýetiň Goranmak ministrligi aýtdy.

Bu harby türgenleşikler, Orsýetiň ýarany Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň pitneçileriň kontrollygyndaky soňky iň uly enklawa, ýagny demirgazyk Idlib welaýatyna hüjümleri amala aşyrmaga taýýarlanýan ýaly bolup görünýän mahalyna gabat geldi.

28-nji awgustda geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýygnagynda Birleşen Ştatlar, Britaniýa we Fransiýa Idlibdäki hüjümlerde himiki ýaraglary ulanmazlyk barada Siriýa edýän duýduryşlaryny tekrarlady. Şonda bu üç ýurt Orsýetiň howa güýçleri tarapyndan goldanylýan Siriýany “hüjümlerde şeýle bikanun ýaraglar ulanylsa, onda munuň Günbataryň ar almagyna getirjekdigini” hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG