Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Boston bombaçysynyň dosty ABŞ-dan Gazagystana deportasiýa ediler


Azamat Tažaýakow (ç), Dias Kadyrbaýew (ortada)
Azamat Tažaýakow (ç), Dias Kadyrbaýew (ortada)

Boston marafonunyň bombaçysy Džohar Tsarnaýewiň gazagystanly dosty ABŞ-nyň federal türmesinde bäş ýyllap saklanansoň boşadyldy.

ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük gullygynyň resmisiniň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, 24 ýaşly Dias Kadyrbaýew federal immigrasiýa resmileriniň tussaghanasyna geçirildi we Gazagystana deportasiýa ediler.

Kadyrbaýew, şeýle-de Tsarnaýewiň beýleki iki dosty Azamat Tažaýakow we Robert Kidane Fillipos 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tsarnaýewiň Massaçusets uniwersitetindäki umumy ýaşaýyş jaýyndaky zatlary ýaşyrmagy üçin 2015-nji ýylda tussag edilipdi.

Bu üç adam Tsarnaýewiň noutbuk kompýuterini we bomba ýasamak boýunça işleriň subutnamasy bolup biljek feýerwerkli sumkasyny alypdy.

Şeýle-de, Gazagystanly Tažaýakow adalata päsgel döretmekde günäli hasaplanyp, 3.5 ýarym ýyllyk türmä höküm edilipdi we 2016-njy ýylda öz ýurduna Gazagystana dolanypdy.

Phillipos üç ýyllyk türmä höküm edilipdi we fewral aýynda boşadylypdy.

Džohar Tsarnaýew özüniň agasy Tamerlan bilen bilelikde 2013-nji ýylda Boston şäherinde geçirilen marafonda üç adamyň ölümine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäpkär boldy.

XS
SM
MD
LG