Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý Owganystanda goşun ýerleşdirmek baradaky habarlary ret edýär


Illýustrasiýa

Hytaý Owganystanda öz goşunlaryny ýerleşdirmek ýa-da harby bazasyny döretmek baradaky habarlary ret edýär we öz goňşulary bilen "kadaly harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy" alyp barýandygyny aýdýar.

Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili polkownik Wu Kian 30-njy awgustda eden çykyşynda, Hong Kongyň Morning Post gazetiniň we beýleki neşirleriň Hytaýyň Owganystanyň günortasynda öz esgerlerini ornaşdyrmak boýunça planlary barada ýaýradan habarynyň "asla dogry däldigini" aýtdy.

Hytaýyň Owganystan bilen serhedi Wakhan regionyndan geçýär. Hytaý urşa batan ýurtdaky ýagdaýyň täsiriniň özüniň durnuksyz Ksinjang regionyna geçmeginden howatyrlanýar.

Soňky ýyllarda bu regiondaky durnuksyzlyk zerarly ýüzlerçe adam wepat bolupdy. Pekin yslamçy söweşijileri aýyplady.

Ýaňy-ýakynda tassyklanmadyk maglumatlarda Hytaýyň harby ulaglarynyň Hindu Kuş daglarynda Täjigistan we Pakistan bilen çatrykda ýerleşýän Wakhan welaýatynda hereket edýändigini subut edýän ýagdaýlar barada habar berildi.

Şol bir wagtda-da, Wu Hytaýyň bu regionda Owganystana serhedi goramakda we terrora garşy göreşmekde ýardam berýän ýeke-täk ýurtdugyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG