Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Krymda senagat kärhanasyndan syzyp çykan turşulyk töwerekdäki ýerleri zäherledi


Armýansk regionynyň Perekop obasy, Krym, 28-nji awgust, 2018

Ukrainanyň okkupirlenen Krym regionynyň Orsýet tarapyndan bellenen häkimiýetleri golaýdaky obalary we ekin meýdanlaryny örten ýagly maddanyň ýarymadanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän senagat kärhanasyndan syzyp çykan turşulygyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen wise-premýeri Igor Mihailiçenkonyň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, uzaga çeken yssy howa we guraklyk turşulyk serişdeleriniň saklanýan ýerlerinden syzyp çykmagyna sebäp bolandygyny.

Krymyň Titan zawody reňkleýän serişdeleriň we plastigiň önümçiliginde ulanylýan titanium dioksid we beýleki himiki serişdeleri öndürýär.

Ukrainanyň prezidentiniň Krym boýunça hemmişelik wekili Borys Babin ekologiýa problemasynyň döremegine ýarym adanyň demirgazyk bölegindäki kärhanalaryň bikanun iş alyp barmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG